SPORT

“Mançester Siti” UEFA-nyň Superkubogyny ilkinji gezek gazandy

Düýn Ýewropa sebitiniň futbol durmuşynda ýene-de bir möhüm duşuşyk geçirildi. Ol hem UEFA-nyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky duşuşyk boldy. Bu duşuşykda geçen möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanan Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen UEFA-nyň Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazanan Ispaniýanyň “Sewilýa” topary duşuşdy.

Superkubogy gazanmak ugrundaky duşuşyk Gresiýanyň Afina şäherinde geçirildi. Aslynda, bu duşuşygy Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirmek göz öňünde tutulypdy. Ýöne soňra onuň ýeri hökmünde Gresiýa saýlanyp alyndy.

Duşuşygyň 25-nji minutydan Yussef En-Nesiri “Sewilýa” toparyny 1:0 hasabynda öňe geçirdi. Iňlis toparynyň ýaş futbolçysy Koul Palmer bolsa, 63-nji minutda hasaby deňledi.

Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Ýewropanyň täze möwsümdäki ilkinji halkara kubogynyň eýesi 11 metrlik jerime urgulary arkaly belli boldy. Ähli futbolçylar 11 metrlik jerime urgulary dürs ýerine ýetirdiler. Diňe “Sewilýa” toparyndan Neman Gudel 11 metrlik jerime urgudan peýdalanyp bilmedi.

Şeýlelikde, “Mançester Siti” topary 48-nji gezek geçirilýän UEFA-nyň Superkubogyny gazandy. Iňlis toparynyň bu kubogy ilkinji gezek gazanýandygyny bellemek gerek.

Ispan topary bolsa, bu kubogy gazanmak ugrundaky duşuşykda 7-nji gezek çykyş edip, 2006-njy ýylda ony gazanypdy.

“Mançester Siti” toparynyň tälimçisi Pep Gwardiola tälimçilik karýerasyndaky 36-njy kubogyny gazandy. Ol mundan ozal, “Barselona” topary bilen 14 kubok gazanypdy. “Bawariýa” topary bilen hem 7 kubok gazanan Gwardiola häzirki wagtda tälim berýän “Mançester Siti” topary bilen 7 ýylda 15-nji kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler