BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygy

Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS)” energetika kompaniýasy bilen “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň resmi wekilleriniň arasynda Hyrat şäherindäki Nur ul-Jihad podstansiýasyna elektrik energiýasy ibermek taslamasy boýunça geçirilen gepleşikler tamamlandy. Bu barada owgan kompaniýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Gepleşikleriň tapgyry “Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS)” energetika kompaniýasy bilen “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň resmi wekilleriniň arasynda bilelikdäki teswirnama gol çekmek arkaly jemlendi.

Owgan tarapy bilen geçirilen bilelikdäki tehniki maslahatlaşmalaryň çäklerinde Nur ul-Jihad podstansiýasynyň elektrik üpjünçiligini giňeltmek babatda pikri alşyldy. Bu taslamanyň möhleti, onuň çykdajylary we howpsuzlyk çäreleri hem-de ätiýaçlandyryş meseleleri babatda maslahatlaşmalar geçirildi. Her iki tarap taslamanyň dürli ugurlary boýunça şertli ylalaşyga geldi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda DABS bilen “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň arasynda Nur ul-Jihan podstansiýasynyň kuwwatyny 110 kilowoltdan 220 kilowolta çenli giňeltmek boýunça şertnama baglaşylypdy. 500 kilowoltlyk elektrik geçirijiniň hem-de Nur ul-Jihan podstansiýasynyň kuwwatynyň artdyrylmagy bilen Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýanyň möçberi 110 megawat artar.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy