SPORT

Kepa Arrisabalaga “Reala” geçdi

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary derwezeçisi Tibo Kurtuanyň şikes almagy bilen gysga wagtyň içinde Angliýanyň “Çelsi” toparynyň derwezeçisi Kepa Arrisabalagany düzümine goşdy. Bu derwezeçi 1 ýyllygyna kireýne alyndy.

Kepa bilen 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy. Şeýle hem şertnamada derwezeçini satyn almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutuldy.

Şa toparynyň derwezeçisi Tibo Kurtua türgenleşikde şikes aldy we 2023/24-nji möwsümiň köp böleginde ýa-da tutuş möwsümde oýnamak mümkinçiliginiň kyndygy bellenildi.

Aslynda, Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna geçmegi göz öňünde tutulýan Kepa ispan toparynyň teklibini dessin kabul etdi.

28 ýaşyndaky derwezeçi 2018-nji ýylda Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparyndan “Çelsi” toparyna 80 million ýewro geçipdi.

Related posts

Horwatiýa Milletler ligasynda finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Messiden «La Liganyň» täze rekordy

Ata Watan Eserleri

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Leave a Comment