Eýran türkmen gazynyň Azerbaýjan Respublikasyna swop görnüşinde iberilýän möçberiniň artdyrylandygyny belledi. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales TASS habarlar gullugynyň habarçysyna beren söhbetdeşliginde mälim etdi.
– Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilýän möçberi artdyryldy. Ylalaşyga görä, biz 4.5-5 million kubmetr tebigy gazy bir gije-gündiziň dowamynda Azerbaýjana iberýäris. Häzirki wagtda swop görnüşli gazyň iberilýän möçberi 7-7.5 million kubmetre ýetdi. Ol hem Türkmenistan we Azerbaýjan bilen baglaşylan ylalaşyk esasynda amala aşyrylýar. Swop boýunça tebigy gazy ibermegiň mümkinçiligi bir gije-gündiziň dowamynda 20 million kubmetre çenlidir – diýip, ilçi belledi.
Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi boýunça ylalaşyk 2021-nji ýylyň noýabrynda aşgabatda gol çekilipdi.
