“Hukuk işi” hünäriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, daşary ýurt döwletlerinde “hukuk işi” ugry boýunça Türkmenistanyň raýatlaryna berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek boýunça aýratyn ýagdaýlar gözöňünde tutulýar. Bu barada Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça
Gözükdürijide bellenilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilenş tassyklan, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2021-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 46 belgili, 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda çykaran 20 belgili buýruklary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 1-nji martynda we 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda 1450 we 1685 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça
Gözükdüriji Innowasiýa maglumat merkeziniň web saýtynda neşir edildi.
Gözükdirijiniň 8-ni we 9-nji bendi daşary ýurtlarda hukuk işi ugry boýunça bilim alan we alýan, diplomyny ykrar etdirmedik raýatlarymyza degişli goşmaça talaplar getirýär.
Gözükdirijide bellenişine görä, “hukuk işi” hünäriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, daşary ýurt döwletlerinde “hukuk işi” ugry boýunça Türkmenistanyň raýatlaryna berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek üçin 3 aý möhletli tölegli okuwlary öz içine alýan okuw meýilnamasyny düzmek we Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde tassyklamak bellenilen.
Gözükdirijide şeýle hem, daşary ýurt döwletlerinde “hukuk işi” ugry boýunça berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýüz tutýan Türkmenistanyň raýatlaryndan synaglary kabul etmek üçin Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekillerinden ybarat Döwlet synag toparyny döretmek we onuň düzümini degişli tertipde tassyklamak baradaky teklibi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlarynyň garamagyna hödürlemek göz öňünde tutulýar.
“Hukuk işi” ugry boýunça daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary hünär bilimi hakynda resminama ykrar edilende hünär ugruna degişli dersler boýunça Döwlet synaglary test tabşyrmak, döwlet dilinde beýan ýazmak we söhbetdeşlik geçmek arkaly üç tapgyrda geçirilýär.
Daşary ýurtda alynan diplomlary ykrar etmek üçin giňişleýin täzelenen maglumaty ýakynda okyjylarymyza ýetireris.
Daşary ýurtda öz hasabyňa bilim almak : Soraglara-jogaplar!