DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Çehiýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy.

Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň Prezidenti bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk has-da berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-çeh gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitiň ösmegine goşant goşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde duşuşyklary geçirdi

Türkmenistanyň DIM-nde Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Leave a Comment