JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewe bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Geçen döwrüň içinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Biziň hyzmatdaşlygymyz umumy taryhy, ruhy we medeni gymmatlyklary bolan türki halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, oňyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň maksatlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan geljekde-de TÜRKSOÝ bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirer” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Sultan Raýewe we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Sekretariatynyň işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Related posts

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ömri 10 ýyl uzaltmak üçin

vepa

Leave a Comment