SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tomusda berjaý edilmeli kadalar

Şu günler howanyň gyzýandygy sebäpli, saglyk ýagdaýymyz bilen baglanyşykly, lukmanlar jöwzaly tomsuň bütin dowamynda aşakdaky kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler:

  • Günüň gyzan wagtynda, zerurlyk bolmasa, daşaryk çykmaly däl.
  • Daşary çykylan ýagdaýynda, hökman Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk daňynyň ýa-da saýawan göteriň!
  • Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.
  • Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdaly.
  • Günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli.
  • Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlardan saklanyň!
  • Şu günler gartaşan adamlar we 2 ýaşa çenli çagalar bilen daşary çykylanda has-da seresap bolmaly.
  • Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmekden, sowadyjynyň öňünde durmakdan, buz ýaly sowuk içgileri içmekden saklanyň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Related posts

Sakgyç çeýnemek isleýäňizmi? Baş üstüne!

Ata Watan Eserleri

Sanjym edilenleriň sany keselleriň sanyndan geçdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Türkiýe ugry: köp sanly uçar gatnawlary göz öňünde tutulýar

Leave a Comment