BIZNES

Türkmenistanyň we Russiýanyň ministrleriniň duşuşygy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän XXVI Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşdy. Şol forumyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşygy geçirildi.

Ministrler iki ýurduň arasyndaky okgunly ösüşe eýe bolýan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberine kanagatlanma bildirip, 2022-nji ýylda bu görkezijiniň 1,6 milliard dollardan gowrak bolandygyny, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde 386 million dollara deň bolup, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 10.4 göterim ösüş gazanylandygyny bellediler.

Taraplar hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilýändigini, hususan-da söwda-ykdysady ugruň esasy ugurlaryň biridigini belläp, ony ösdürmegiň mümkinçilikleriniň uludygy mälim etdiler.

Ministrler strategik hyzmatdaşlar bolan Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi