JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan Arkadag şäherine tiz kömek ulaglary sowgat berildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň çäginde hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine täze elektroulaglary sowgat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň adyndan tiz kömek ulaglary sowgat berildi.

Bu Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklaryň barha ösýändiginden, dost-doganlygyň berkeýändiginden habar berýär. Döwletimiz goňşy Özbegistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy alyp barýar, şol sanda saglyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň barha öňe ilerlemegi ugrunda yzygiderli bilelikdäki tagallalar edilýär.

Related posts

«Migrasiýa hakyndaky» Kanuna üýtgetmeler giriziler

Ata Watan Eserleri

Ak şäher Aşgabat ak gara bürendi

Ata Watan Eserleri

Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek başlaýar

Leave a Comment