DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Ýaponiýa sanlylaşdyrma pudagynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň sanly işler ministri Taro Kononyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda sanlylaşdyrma pudagynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar häzirki zaman dünýäsinde sanlylaşdyrmagy ösdürmegiň möhümdigini we ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda, jemgyýetçilik hyzmatlaryny gowulandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde möhüm ornuny belläp geçdiler.

Related posts

Ildeşlerimizi Mekge-Medinä ugratmak boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar

Özbegistan ABŞ-nyň kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar

Türk Geňeşi türkmen-azerbaýjan ylalaşygyna ýokary baha berdi

Leave a Comment