16 ýaşly Sruşti Sudhir Jagtap 127 sagat tans edip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Hindi gyzy 5 gün tans edip, adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrdy. Aýry-aýrylykda iň uzyn tans rekordyny goýan 16 ýaşly Jagtap 127 sagat tans etdi. Maglumata görä, rekord eýesi bu üstünliginden soňra tutuş gün uklapdyr.
29-njy maýda tans edip başlan Jagtap, 3-nji iýuna çenli tans etdi. Hindistana mahsus bolan “Katak” tansyny has gowy görýän ýaş gyz, bu tansy öz ýurduna tans bilen wekilçilik etmek arzuwyny amala aşyrmak üçin edendigini aýtdy. Bu tansa 15 aý taýynlandygyny mälim eden Jagtap, öý şertlerinde 126 sagat tans edip bilendigini aýtdy.
Öňki rekord 2018-nji ýylda Nepalda 126 sagat bilen hasaba alnypdy.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň düzgünlerine görä, bary-ýogy 5 minut dynç alyp bolýar we bu arakesmeleri birleşdirip bolýar. Ýaş rekord eýesi arakesmelerini uklamak we hajathana gitmek üçin ulandy.
