MEDENIÝET

Awazada halkara festiwal geçirilýär

Şu gün «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly öz işine başlady. Festiwala Türkmenistanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň hem-de Eýranyň tans toparlary gatnaşýarlar.

Has dogrusy, halkara festiwala ýurdumyzyň birnäçe tans we folklor toparlary bilen birlikde Russiýanyň Garri Polewoý adyndaky «Ogonki» rus tans topary, Gazagystanyň «Jorga» we «Aktau sazy» halk folklor toparlary, Täjigistanyň «Lola» tans we folklor topary, Rumyniýanyň «Transilwaniýa» folklor topary, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Riwaýat», Eýranyň «Zendegi Mäzandaran» tans we aýdym-saz topary, Hindistanyň «Bihu» folklor we tans topary, Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň medeniýet, sungat we syýahatçylyk mekdebiniň tans topary, Özbegistanyň «Parwoz» hem-de «Bogdon» halk aýdym we tans toparlary gatnaşýarlar.

Ozal habar berşimiz ýaly, medeni çäräniň gün tertibine «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat, festiwala gatnaşýan türkmenistanly hem-de daşary ýurtly tans we folklor toparlarynyň konserti, halkara festiwala gatnaşyjylaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrylmagy hem-de «Awaza» derýasynda gämili gezelenç etmekleri, daşary ýurtly tans goýujylaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary girizilipdir.

Festiwal 17-nji iýuna çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi