SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ-nyň wizasy boýunça möhüm bildiriş

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi «Instagram» sahypasynda wizalar bilen bagly habar berdi.

Şu ýylyň 17-nji iýunyndan başlap, wizalar üçin zerur tölegiň bahasynyň 160 dollardan 185 dollara ýokarlanýandygy habarda bellenýär. Bu töleg petisiýa esaslanmaýan, immigrasiýa degişli bolmadyk wizalara (syýahatçylyk we talyp wizalaryna) degişlidir.

Täze düzgüniň diňe bir Türkmenistanda däl-de, bütin dünýäde güýje girýändigi bildirişde mälim edilýär. Ilçihana 17-nji iýun we şondan soňky wizalar üçin tölegleriň täze bellenen nyrhdan — 185 dollardan nagt getirmelidigini türkmenistanly raýatlaryň dykgatyna ýetirýär.

Related posts

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bildirişi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistandan Russiýa 21-nji ýörite uçar gatnawy

Koronawirusy ýok edýän örtük

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment