SPORT

Bellingem “Real” toparyna geçdi

Jud Bellingem Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň resmi futbolçysy boldy. Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň 19 ýaşly ýarymgoragçysy Jud Bellingem ispan toparynyň düzüminde çykyş eder.
Iňlis futbolçy üçin ispan topary 103 million ýewro teklip etdi.
Jud bilen “Real” topary 6 ýyllyk şertnama baglaşar. Şol döwürde futbolçynyň dürli ýaryşlardaky çykyşyna görä, goşmaça haklary göz öňünde tutular.
Bellingem “Borussiýa” toparyna 2020-nji ýylda “Birmingem” toparyndan geçdi. Onuň üçin şol döwürde 25 million ýewro sarp edildi.
Ol Germaniýada oýnan 3 möwsüminde 132 duşuşykda oýnap, 24 gol geçirdi.

Related posts

Messi ýene-de bir kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Bekhem dünýä çempionatynyň ýüzi bolar

Gresiýanyň çempiony – “Olimpiakos”

Leave a Comment