JEMGYÝET

Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammitine gatnaşdy

Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” liderleriniň ikinji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow we Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Şarl Mişel gatnaşdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammiti iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen geçirilýändigini belledi.

Ol Gyrgyz Respublikasynda ikinji sammiti geçirmek baradaky başlangyjy goldandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Çolpan-Ata duşuşygynyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynanýandygyny mälim etdi.

Sammitiň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” liderleriniň ilkinji mejlisi geçirilipdi.

Related posts

Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Leave a Comment