BILIM

“Dünýä ykdysadyýeti” dersinden Açyk halkara Internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Dünýä ykdysadyýeti” dersinden Açyk halkara Internet olimpiadasy geçirildi.

Bu zehin bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşdy.

Olimpiadada jemi 38 sany baýrakly ýer yglan edilip, olar 8 – birinji, 10 – ikinji we 20 sany üçünji ýerden ybarat boldy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy netijeleri Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Кazan Federal uniwersitetiniň, Belarus alyjylar jemgyýetiniň söwda-ykdysady uniwersitetiniň talyplary görkezdiler.

Related posts

Talyp-2023: Türkmen döwlet medeniýet instituty

Türkmenistanyň raýatlarynyň Russiýada bilim almak mümkinçiligi

Kembrij sözlügi 2024-nji ýylyň “sözüni” saýlady

Leave a Comment