DÜNÝÄ

“Hytaý-Merkezi Aziýa” daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 4-nji duşuşygy

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Sin Ganyň ýolbaşçylygynda Sian şäherinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 4-nji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew gatnaşdy.

Şeýle hem bu duşuşyga Gazagystanyň wise-premýeri,  daşary işler ministri Murat Nurtleu, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor ​​Saidow gatnaşdylar.

Duşuşykda şu ýylyň maý aýynda Sian şäherinde Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem altytaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurly gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy.

2022-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 70 milliard dollara barabar bolandygy bellenildi. Şeýle hem Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen aýry-aýrylykda haryt dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlandygy mälim edildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maglumat beýanaty kabul edildi.

“Merkezi Aziýa-Hytaý” formatyny döretmek başlangyjy hytaý tarapyna degişlidir. Bu formatdaky duşuşyklar özara gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, hususan-da söwda, maýa goýum, ulag, saglygy goraýyş, ylym we ýokary tehnologiýalar, medeniýet we daşky gur’awy goramak ýaly ugurlarda ösdürilmegine goşant goşýar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit daşaýan tanker gurýar

Ata Watan Eserleri

Türki Döwletleriň Guramasynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Pakistanyň Deňiz ministrligine bardylar

Türkmenistanyň ilçisi “Pakistan TV” teleýaýlymynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

“Greencard” loteriýasyna gatnaşmak tölegli bolar

Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy YHG-nyň we Eýranyň ikinji milli forumyna gatnaşdy