BIZNES

Tebigy gazyň ýene bir akymy alyndy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Şerepli», «Kelleli», «Garabil» gaz ýataklarynda guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar täzelikde «Şerepli» gaz ýatagynyň 2-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary «Şerepli» gaz ýatagynyň bu guýusynda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, burawlaýyş işlerini 2333 metr çuňluga ýetirdiler. Olar özlerine döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplan baý tejribeleri arkaly 2297 — 2291 metr aralykdan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny almagy başardylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 628 müň kub metr tebigy gaz berýär. Alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagy bu ýatagyň önüminiň iň esasy aýratynlygydyr.

Gazçylar häzir welaýatyň çägindäki «Kelleli», «Garabil» gaz känlerinde-de guýulary burawlamak işlerine giň gerim berýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar