JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetýaka söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowa enesi Ogulabat Berdimuhamedowynyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi we duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak we ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine ünsi çekdiler.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bilelikde geçirýän ikitaraplaýyn çärelerine we duşuşyklaryna oňyn baha berildi.

Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, “Daşoguz – Şawat”serhetýaka söwda zolagyny döretmek, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirilmek we dowam etdirilmek, şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda iki ýurduň Baştutanlary ýakyn günlerde belleniljek Oraza baýramy bilen birek-biregi we ýurduň halkyny gutladylar we iň gowy arzuwlary beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy