Ata Watan Ylhamy

Watan tarypy:Läle Zakirowa

Watan tarypy

Watan saña bagş edilen kentleri,

Meniñ şygra salyp sözläsim geldi.

Küýsedenok olar maña ýat ýeri,

Söküp dag-düzüñi ýeñläsim geldi.

 

Baharlaryñ ýüregime yşk gatdy,

Sada duýgularym şeýlebir sapdy,

Akar suwlaryñ deý çyrpynyp batly,

Joşup tolkunlar deý gùwläsim geldi.

 

Gyzgyn çägeleriñ çägi ýok çensiz,

Elimde gysymlap çykarýan keýpin,

Depe-gollaryñda seýl edip erkin,

Tutuş sùññüm bilen derläsim geldi.

 

Sähralaryñ dar göwnùme teselli,

Ot-çöpleriñ jana melhem bejergi,

Mesgen tutup laçyn guşlañ etegni,

Keýik, Jeren kimin ylgasym geldi.

 

Pyragy

Medet diläp ilki seniñ adyñdan,

Kitabyñy ele alan badymdan,

Okap ganman şygyrlaryñ dadyndan,

Beýik Magtymguly dana Pyragy.

 

 

Ile ýaýyp parasatly pentlerin,

Nakyla öwrùlen şygyr bentleriñ,

Geçdiñ aryf ussatlaryñ mekdebin,

Beýik Magtymguly dana Pyragy.

 

Bendi ýùrek kerem-keramatyña,

Söz mùlkùnden döràn ymaratyña,

Näçe barsak azdyr ybadatyña,

Beýik Magtymguly dana Pyragy.

 

Pähimden pùre-pùr her bir setiriñ,

Manylaşar uÿsañ akyl pikiriñ,

Adyñy belende götär nesiliñ,

Beýik Magtymguly dana Pyragy.

 

Arkadagly Serdar beýgeldýär adyñ,

Goşgulañ dilinde ýakynyñ-ýadyñ,

Arşa göterilýär şöhradyñ-şanyñ,

Beýik Magtymguly dana Pyragy.

 

Bahar pasly

Bahar geldi sepip dünýä atyryn,

Täzelendi tutuş dünýäñ görküde.

Ýakymly howasy hoştap säheriñ,

Şeýlebir owadan ýazyñ reñkide.

 

Tawus guşuñ owsun atýan ýelegi,

Ýatladyp dur görkün älemgoşaryñ,

Sähram çùmùp otyr üýtgeşik dünýä,

Köñüllere berip şatlyk açaryn.

 

Guş-gumrulañ owazyna höwrügip,

Gidip barýan synlap dag – u – düzümi.

Siñip gujagyna gülälekleriñ,

Diñleýän bilbilleñ täsin heñini.

 

Ýaz ýakymly duýgusyny paýlaýar,

Tebigata ýapyp ýaşyl donuny.

Ýùreklere ylham berip ak säher,

Çykardy al sähra şahyr ogluny.

 

Baharda täzeden dogulýar ynsan,

Düşüp tämiz duýgularyñ yşkyna.

Eý, meniñ köñlümiñ soltany bahar,

Ýaş goşýañ her maýda gelip ýaşyma.

 

Surat

Höwes etmesemde surata düşüp,

Ýadygärlik diýip ýygnap goýmagy.

Halaýaryn pursatlary söz bilen,

Beýan edip ýatlamama ýazmagy.

 

Heran-haçan göz öñüme getirip,

Doýa-doýa bakýan onsañ uzakdan.

Çünki ýatlamalar ýaşaýar baky,

Ynsan näçe ýaşasada unutmaz.

 

Sonuñ üçin her bir güniñ suratyn,

Synlaýaryn ir säherden agşamna.

Surat enjamynda düşürmesemem,

Gözlem geçirip dur göwün albomna.

 

Eje

Görùndi alysdan ýaglygyñ galgap,

Dursuñ ýollaryma seredip, eje!

Uzak aralygy bir demde ylgap,

Barýan ädimlermi ýeñledip, eje!

 

Tanyş öýler köçämiziñ ugrunda,

Şol mähriban ýüzler çykýar öñümden.

Birmahalky gatnan mekdebmiñ ýolun,

Yzlap uçup barýan uly öwrümden.

 

Her näçe ulalyp össede boýum,

Gitsemde şähere senden aýrylyp.

Çaga bolup dolanýaryn obama,

Bilmez göwnüm uzak senden aýrylyp.

 

Ýüzüñ ýylgysada kirpikleñ çygyn,

Gizlejek bolýarsyñ gözlemden, eje!

Şu pursat şeýlebir tolgunýar ruhum,

Yssy mähriñ mùñläp ýüzlerden, eje!

Murgap etrap merkezi kitaphanasynyñ kitaphanaçysy

Läle Zakirowa

Şahyr Gülşirin Hanowanyň gysga syny :

Läle bize ozaldan tanyş awtorlardan. Bu goşgularynyň üsti bilen onuň galamynyň has ýitileşenine göz ýetirse bolýar. Mundan beýlägem Lälä döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris!

Gülşirin HANOWA 

 

Hormatly okyjy!

Eger goşgularyňyzy saýtymyzda neşir edilmegini isleýän bolsaňyz onda atawatanylhamy@gmail.com salgysyna öz fotosuradyňyz bilen iberip bilersiňiz. Goşgularyňyz Word formatynda, fotosuradyňyz bolsa JPEG formatynda iberilmelidir.  Goşgy we fotosuradyňyzy garyşyklyk bolmazlygy üçin  ikisini hem bir e-mailde ibermegiňizi haýyş edýäris. Adyňyz, familýaňyz  e-mail bilen hökman görkezilmelidir. Eger  isleseňiz özüňiz baradaky maglumatlary hem iberip bilersiňiz. “Ata Watan ylhamy” şygryýet sahypamyza gelýän goşgulary redaktirlemek Gülşirin Hanowa ynanyldy. Biz neşir edilen goşgularda Gülşirin Hanowanyň goşgular boýunça gysga synyny hem Size ýetireris. Hormatly okyjylarymyz Siz hem goşgular boýunça öz tankydy bellikleriňizi we synlaryňyzy goşgynyň aşagyndaky ýörite bölüme ýazyp bilersiňiz. 

Watan:Öwezgeldi Taganow

Ýene-de okaň

Magtymgulynyň «Kerem islärin» atly goşgusyna nezire:Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Bagtyýar ýaşlaryň ýaşlar Forumy:   Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Ýaşlar watanyň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri.

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri–bagtyň şäheri

Ata Watan Eserleri

            Arkadagly ýaşlaryň şäheri.

Ata Watan Eserleri