Ata Watan Ylhamy

Aýdym Bolan Goşgularym :Dürnabat Aşyrowa

ALLA

Geçip barýar ömür duşumdan ozup,

Geçip barýar wagt islegim bozup,

Maňlaýa ne kysmat, ne ykbal ýazyp,

Meni munda yokdan bar etdiň Alla?!

 

Aglasam diňdirdiň şatlyk berdiň-de,

Ýykylsam galdyrdyň ganat gerdiň-de.

Şükür edip çekdim beren derdiň-de,

Kä ýarym gursagmy dar etdiň Alla.

 

Ykbalyň jylawy eliňde bilýän,

Kä ýykylýan, käte galýaryn ölmän.

Şükür, mätäç dälem özüňden özgä,

Gursagma yşk guýyp gor etdiň Alla.

 

Ýüregimi görmez senden özgeler,

Saňa ynam bilen ömrüm özgerer.

Unutmawer, eý Ýaradan – dözmezim,

Gözlerimi açyp nur etdiň Alla.

 

BIRIBARYM

Adyň dillerimde dessan,

Rehim eýle, Biribarym!

Saňa ynam, saňa güwäm,

Rehim eýle, Biribarym!

 

Salmaweri nazaryňdan,

Goraweri gazabyňdan!

Gullugyňda gezeýin men,

Rehim eýle, Biribarym!

 

Halal bergin rysgal paýym,

Öz törümde dogsun Aýym.

Imanym bolsun serpaýyň,

Rehim eýle, Biribarym!

 

Şükürim kän sabrym bilen,

Mertebe ber ömrüm bilen,

Sag ýaşaýyn emriň bilen,

Rehim eýle, Biribarym!

 

Balalamdan öň gideýin,

Abraý bilen deň gideýin.

Günäm öteňsoň gideýin,

Rehim eýle, Biribarym!

 

GÖRESIM GELÝÄR

Gaçdy sabyr-karar, takat galmady,

Janym seni juda göresim gelýär.

Intizar gözlerim sessiz aglady,

Janym, seni juda göresim gelýär.

 

Dumany bar gara daglaň serinde,

Ynjaldyr-a gözlerime görün-de.

Kapasa syganok ýürek ýerinde,

Janym, seni juda göresim gelýär.

 

Ýüregim göwrämi terk eden ýaly,

Yşkyň täleýime erk eden ýaly,

Bu janym çykmanka jigerden häli,

Janym, seni juda göresim gelýär.

 

GEREK DÄL

Gözleriň gözüme düşüp durmasa,

Dünýäň başga baýlyk-bary gerek däl.

Ömrüm barlygyňdan lezzet almasa,

Onuň galan gylla ýary gerek däl.

 

Sesiň eşdilmese gaçýar kararym,

Sensiň söýüp, didarym deý aýanym!

Özüm munda, seň ýanyňda hyýalym,

Maňa aýralygyň sazy gerek däl.

 

Gursagyňda goýup uklaýyn başy,

Sensiz hasap etmen ýaşalan ýaşy.

Uçursam başyma gonan ak guşy,

Özge bilbilleriň zary gerek däl.

 

Sen ýetiş dadyma ýürek aglasa,

Ýalňyzlyk ataşy kalbym daglasa.

Nädeýin, seň yşkyň gözüm baglasa,

Sensiz didarymyň nury gerek däl.

 

Ömür dessanymyň soňky aýdymy,

Saňa söýgi syrym gözlem ýaýdymy?!

Eý, ýalňyzym, ýüregimiň söýdügi,

Maňa sensiz ömrüň özi gerek däl.

 

ÖMÜR

Durnamy sen uçup barýan,

Nirä gyssanýarsyň ömür?!

Dursana, men seni söýýän,

Nirä gyssanýarsyň ömür?!

 

Kölgesimi sen keýigiň,

Sabyr edere ýokmy meýliň?!

Diýsene, söýüň, söýüliň,

Nirä gyssanýarsyň ömür?!

 

Juwanlyk gitse gol bulap,

Getirmeýär ýyllar dolap.

Duýgularmy dograp-dograp,

Nirä gyssanýarsyň ömür?!

 

Arzuwlar bar hatar-hatar,

Gyssanmasaň elim ýeter,

Ýyndamlygyň ýelden beter,

Nirä gyssanýarsyň ömür?!

 

Tizleşýärsiň günbe-günden,

Aryň barmy ýa-da menden?!

Ynanaý, ýeňildim senden,

Nirä gyssanýarsyň ömür?!

Nämä gyssanýarsyň ömür?!

 

BAR EKEN

Başy aşak bolýar barly agaçlaň,

Ussadyň gownünde bossan bar eken.

Mährim ganmaz hoşboý ysly ýagyşlaň,

Soňundan açylýan asman bar eken.

 

Ýürek hazynadyr—gursak kapasa,

Söz gerekmez kim ýüregi okasa.

Gelinler ýaryşyp haly dokasa

Daragnyň sesinde dessan bar eken.

 

Syrdam boý salgymdyr göwün ölende,

Jesede jan girýär söýüp bilende,

Düzler lälezar bor bahar gelende,

Yşkyň ýaýlasynda kyssam bar eken.

 

“Pany” diýilse-de owadan dünýä,

Söýüp ýaşan wagtyň gelenňe degýä,

Ýagmyrlar Zeminiň gabagna damýa,

Saralan güýzlerde gussam bar eken.

 

Ömür diýlen bir pursatlyk düýşmi ýa,

Kä gözlemden akyp gaýdýan ýaşmy ýa,

Hak halasa umyt Güni ýaşmaýa,

Dileg etseň gulak asýan bar eken.

 

Şükür etdim agyr günde kysmata,

Diýdim: “Bu-da geçer Alla islese”.

Bagt atym näçe yza tesse-de

Geldi, ädiminde messan bar eken.

 

Baş egdim Taňrynyň keremni görüp,

Söýdüm, söýülemde ýüregmi berip.

Bu gün hoşal başym gursagna goýup

Ynjalsam, sypaýan hossar bar eken.

 

SORADYM SENI

Sensiz durmuş Günsiz asman,

Dünýe dardyr, ýürek gysýar.

Hanjar bolup bagrym kesýän

Ýellerden soradym seni.

 

Garap galdym yzlaryňdan,

Ganyp bilmän ýazlaryňdan.

Kalba salan sazlaryňdan,

Güýzlerden soradym seni.

 

Men bir bilbil saýra bilmen,

Süýt deý çogdum, gaýnabilmen.

Özge birin saýlabilmen,

Illerden soradym seni.

 

Ömür bormy yşk bolmasa,

Göwün synarmyş gülmese.

Ýaşap bilmen, bil bilmeseň,

Aýlardan soradym seni.

 

Saňa bagly ömür-örküm,

Eliňde ykbalym, erkim.

Ykbalyň jylawyn berdim,

Ýollardan soradym seni.

 

Geňlä bilmez söýüp gören,

Köz içinde köýüp gören.

Syrym ile ýaýyp ýören,

Sözlerden soradym seni.

 

ZARYM GALDY

Ýüregimi saňa goýup,

Gaýtdym,  gözde zarym galdy.

Umydymy ýele sowrup,

Namys bilen arym galdy.

 

Özgäň bagty-özgäň ýary,

Kalbym dutar, sensiň tary.

Goýup munda intizary,

Baýlyk bilen barym galdy.

 

Boş göwre men, gury salgym,

Ýalňyzlykdan oda ýandym.

Ygtyýarym elden aldyň,

Göz ýaş dökdi, nurum galdy.

 

Ömür öýlä sandy gitdi,

Göwün gülüm tändi gitdi.

Yşkyň bahar-ýazy ötdi,

Günüm ýaşdy, Aýym galdy.

 

Sözüm bardyr aýdabilmen,

Ýürek galsa gaýdabilmen.

Özgäňkisiň öýdebilmen

Kalbymda kararym galdy…

Dürnabat Aşyrowa

 

Şahyr Gülşirin Hanowaynyň gysga syny :
Dürnabat Aşyrowa men halypa diýip ýüzlenýän. Elbetde halypanyň şygyrlaryndan sahypamyzyň okyjylary diňe ylham alyp bilerler. Galamyňyz ýörgür bolsun halypa!
Gülşirin HANOWA 

Hormatly okyjy!

Eger goşgularyňyzy saýtymyzda neşir edilmegini isleýän bolsaňyz onda atawatanylhamy@gmail.com salgysyna öz fotosuradyňyz bilen iberip bilersiňiz. Goşgularyňyz Word formatynda, fotosuradyňyz bolsa JPEG formatynda iberilmelidir.  Goşgy we fotosuradyňyzy garyşyklyk bolmazlygy üçin  ikisini hem bir e-mailde ibermegiňizi haýyş edýäris. Adyňyz, familýaňyz  e-mail bilen hökman görkezilmelidir. Eger  isleseňiz özüňiz baradaky maglumatlary hem iberip bilersiňiz. “Ata Watan ylhamy” şygryýet sahypamyza gelýän goşgulary redaktirlemek Gülşirin Hanowa ynanyldy. Biz neşir edilen goşgularda Gülşirin Hanowanyň goşgular boýunça gysga synyny hem Size ýetireris. Hormatly okyjylarymyz Siz hem goşgular boýunça öz tankydy bellikleriňizi we synlaryňyzy goşgynyň aşagyndaky ýörite bölüme ýazyp bilersiňiz. 

 

Belent ady ýürekleriň kelamy”:….Daýanç Baýramow

 

Ýene-de okaň

Magtymgulynyň «Kerem islärin» atly goşgusyna nezire:Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Bagtyýar ýaşlaryň ýaşlar Forumy:   Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Ýaşlar watanyň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri.

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri–bagtyň şäheri

Ata Watan Eserleri

            Arkadagly ýaşlaryň şäheri.

Ata Watan Eserleri