BIZNES

«Aşgabat-Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy

Hormatly ýolagçylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ-i tarapyndan, ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 01-dan başlap, «Halkara Awtomenzil — Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy.

Hepdäniň her güni Halkara Awtomenzilden sagat 08:00 da, Hazar şäherinden sagat 10:00 da gatnawlaryň hereket edýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi