Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkiýäniñ başlangyjy boýunça 30-njy marty Bütindünýä galyndylaryñ nol derejesi güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul etdi. Bu Kararnamanyň awtordaşy bolup guramanyň 105 agza-döwleti çykyş etdi.
Howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini işläp düzmek we durnukly ösüş maksatlaryndan ugur alyp taýýarlanan «Galyndylaryň nol derejesi» taslamasy, galyndylaryň artyk zyňylmagynyň öňüni almaga, olaryñ rejeli peýdalanylmagyna, galyndylaryň döremeginiň sebäplerini öwrenmäge, galyndylaryň emele gelmegini azaltmaga we gaýtadan işlenilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Galyndysyz we durnuklylyk aýratynlyklary bilen tapawutlanýan Türk aşhanasy-dünýä görelde
Galyndysyz aşhananyñ özleşdirilmegi bolsa galyndylaryň mukdaryny azaltmagy maksat edinýän bu düşünjäniñ özenini düzýär. Häzirki wagtda uly ähmiýete eýe bolan isripsiz aşhana, asyrlar boýy türk aşhanasynyň iň möhüm aýratynlyklaryndan biri bolup durýar.
Isripsiz aşhana pelsepesine eýerýän türk aşhanasy, azyk önümleriniñ biderek sarp edilmezligi ýörelgesine esaslanýar.
Türkiýe Durnukly Syýahatçylyk
Türkiýe şeýle hem, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatynda dünýäniň iň esasy düzümi bolan Durnukly syýahatçylyk boýunça global geňeşi (GSTC) bilen Milli durnukly syýahatçylyk maksatnamasyny işläp taýyarlamak üçin hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekmegi bilen tutuş dünýä nusgalyk görelde görkezdi.
Ylalaşygyñ çäklerinde syýahatçylyk ulgamyny öñümizdäki 3 ýylyñ dowamynda has-da kämilleşdirmegi maksat edinýän Türkiýe, durnukly syýahatçylyk pudagynda döwlet derejesinde degişli maksatnama işläp taýýarlaýan ilkinji döwlet bolup durýar. Şol maksatnama durmuş-ykdysady taýdan ýerli ilatyň girdejilerini artdyrmaga, medeni mirasy ösdürmäge, biodürlüligi, eko ulgamlary we tebigy gözellikleri gorap saklamaga, hapalanmagy azaltmaga we serişdeleri goramaga gönükdirilendir.