JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti katarly işewürler bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katara döwlet saparyny dostlukly ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmakdan başlady. Döwlet Baştutanymyzyň sapar wagtynda rezidensiýasy ýerleşýän «Sheraton Grand Doha Resort and Convention» myhmanhanasynda geçirilen duşuşygyň maksady geljegi uly türkmen bazaryna katarly maýadarlary çekmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň başynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda daşary ýurtly işewürler üçin döredilen amatly maýa goýum şertleri we mümkinçilikleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardyr amala aşyrylýan iri taslamalar barada çykyş etdi. Şunda iki döwletiň telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly kuwwatyň bardygy barada aýdylyp, katarly işewürlere senagat ulgamynda, himiýa, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda we syýahatçylykda taslamalara maýa goýmaga gatnaşmak teklip edildi.

Soňra öňdebaryjy kompaniýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary çykyş edip, Kataryň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şu günki duşuşyk hem işewürlik ugurly türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.

Duşuşygyň geçýän ýerinde sergi ekspozisiýasynyň ýaýbaňlandyrylyp, onda «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly eksport ugurly harytlaryň görkezilendigini hem bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar