SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ilon Mask özüniň şäherini gurmagy meýilleşdirýär

Alnan maglumatlara görä, “SpaceX” we “Twitteriň” eýesi Ilon Mask ABŞ-nyň Tehas ştatynyň golaýyndaky sebitde öz şäherini gurar we işgärler bu ýerde ýaşarlar.

“Wall Street Journal” (WSJ) tarapyndan çap edilen habara görä, gürrüňi edilýän şäher Ostin şäheriniň golaýynda ýerleşýän Bastrop etrabynda gurlar.

Habarlarda Mask kompaniýasynyň işgärlerine bazardan arzan kärende tölegi bilen täze jaýlara göçmäge rugsat berler diýilýär.

Teksasyň kanuny boýunça, şäher üçin ýüz tutmazdan ozal azyndan 201 adam şol etrapda ýaşamaly. Bu amaldan soň etrap kazy tarapyndan tassyklanylar.

Bastrop okrugynyň bir resmisiniň beren beýanatynda entek Maskdan ýa-da oňa degişli bir guramadan hiç hili arzanyň gelmändigi bellenildi.

 

Related posts

Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

14 aýdan soňra adaty durmuşa dolanýarlar

Tailand 5 million syýahatça garaşýar

Leave a Comment