JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyry 2023-2026-njy ýyllarda gurlar

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 2-nji tapgyryny 2023-2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.

Ahal welaýatynyň häkimligine hem-de Gurluşyk we binagärlik ministrligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň baş meýilnamasyny bir aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri boýunça bäsleşigi geçirmek borçly edildi.

Related posts

Türkmenistan ile BM arasında yeni anlaşmalar imzalandı

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanda 335 kilometrlik welosipedli ýöriş badalga aldy

Leave a Comment