BILIM

Türkmenistanda ilkinji gezek yaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça halkara bäsleşigi geçiriler

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça halkara bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar atly halkara bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan resmi internet saýtlarda we diplomatik ýollar arkaly nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ugurlary boýunça halkara bäsleşigi yglan ediler.

Halkara bäsleşigini 2 tapgyrda geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Related posts

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri

Täze okuw ýyly üçin gyzykly maglumatlar

Leave a Comment