SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý 58 ýurda howa gatnawyny açdy

Şu ýy­lyň pan­de­mi­ýa çäk­len­dir­me­le­ri­ni do­lu­ly­gy­na ýa­ty­ran Hy­taý­da hal­ka­ra ho­wa gat­naw­la­ry hem açyl­dy. Ýurt hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň 58 ýur­du­na yzy­gi­der­li gat­na­wy ýo­la goý­dy.

Ýur­duň Ra­ýat awia­si­ýa eda­ra­sy­nyň we­ki­li Şan Ke­žia ge­çi­ren met­bu­gat ýyg­na­gyn­da 6-12-nji few­ral ara­ly­gyn­da ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly 98 awia­kom­pa­ni­ýa­nyň 795 gat­na­wy ama­la aşy­ran­dy­gy­ny, mu­nuň 2-8-nji ýan­war­da­ky­dan 65 gö­te­rim köp­dü­gi­ni bel­le­di.

Hä­zir­ki wagt­da Hy­ta­ýa ho­wa gat­naw­la­ry­ny ama­la aşyr­ýan ýurt­la­ryň sa­ny 2019-njy ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­si­niň 64 gö­te­ri­mi­ne deň. Awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny bol­sa bol­sa, 2019-njy ýy­lyň 80 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar.

Şan hal­ka­ra söw­da, sy­ýa­hat­çy­lyk we oku­wa bo­lan is­le­giň tap­gyr­ma-tap­gyr ýo­kar­lan­ma­gy bi­len hal­ka­ra gat­naw­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Go­laý­da Hy­ta­ýa ho­wa gat­naw­la­ry­nyň açyl­ma­gy­nyň Ýew­ro­pa­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ge­ti­ri­len­di­gi mä­lim edi­lip­di.

Ýene-de okaň

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar

Türk kompaniýasy Aşgabat şäherinde köpugurly hassahana gurar

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri