SPORT

Katarly işewürler “Mançester Ýunaýted” toparyny satyn almakçy

Kataryň Yslam bankynyň ýolbaşçysy şeýh Jasim bin Hamad Al-Taniniň ýolbaşçylygyndaky konsorsium Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyny satyn almak üçin ýüz tutdy. Bu barada şeýh maşgalasy habar berýär.

– Şeýh Jasim bin Hamad Al-Tani “Mançester Ýunaýted” toparynyň aksiýalarynyň 100 göterimini satyn almak üçin ýüz tutudy. “Nine Two Foundation” gaznasy tarapyndan bu futbol toparyna maýa goýumlary goýlar. Onuň türgenleşik merkezleri we infrastrukturasy has-da kämilleşdiriler – diýlip, beýanatda bellenilip geçilýär.

2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda “Mançester Ýunaýted” toparyny häzirki ýolbaşçy düzümi amerikaly Gleýzer maşgalasy satmak barada pikirlerini beýan edipdi. Gleýzer maşgalasy bu topary 6-8 funt sterlinge (7.2-9.6 milliard dollar) satmagy meýilleşdirýärdi.

Amerikaly işewür Malkolm Gleýzer 2003-nji ýyldan başlap, iňlis toparynyň aksiýalaryny satyn alyp başlapdy. 2004-nji ýylda ol paýnamalaryň 30 göterimine eýelik etdi. Soňra işewür paýnamalaryň möçberini 75 göterime çenli ýetirdi. Bu hem oňa bu topara doly eýeçilik etmäge, hususy kompaniýa öwürmäge mümkinçilik berdi.

Habarlara görä, katarly şeýh topary satyn almak üçin 4.5 milliard ýewro möçberinde teklip berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar