Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň düzüminde oýnaýan “PSŽ” topary Fransiýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň 1/8 finalynda “Marsel” toparyndan utulyp, kubogy gazanmak mümkinçiligini elden giderdi.
“Marsel” topary öz meýdançasynda 12 ýyldan soňra “PSŽ” toparyny 2:1 hasabynda utup, kubok ýaryşynyň 1/4 finalyna çykmagy başardy. Mundan ozal, “Marsel” topary parižlileri 2011-nji ýylda ýeňipdi.
Messi Fransiýanyň kubogyndaky ýaryşda ýeňlişe sezewar boldy. Ol bu duşuşyga “10” belgili köýnekçe bilen çykdy. Adatça, Messi parižlileriň düzüminde “30” belgili köýnekçe geýýärdi.
Messi 2021-nji ýylyň tomsunda “PSŽ” toparyna geçipdi we häzirki wagtda onuň şertnamasynyň möhletini uzaltmak boýunça gepleşikler geçirilýär.
