“Samsung” kompaniýasy “Galaxy S23” smartfonlaryny tanyşdyrdy. “Unpacked” atly çäräniň çäklerinde tanyşdyrylan telefonlaryň iň naýbaşysy bolan “Galaxy S23 Ultra”-nyň kamerasy 200 MP durulygyna surata düşürip bilýär. Bu görkeziji häzire çenli telefona oturdylan iň ýokary durulykdaky fotosensordyr. Maglumat berlişine görä, enjamyň ekranynyň 22 göterimi, gabarasynyň 80 göterimi ozal ulanylan materiallaryň gaýtadan işlenmegi bilen öndürilipdir. Şeýlelikde, “Samsung” ulanyşdan galan materialy önümçilige ornaşdyran ilkinji iri kompaniýa boldy. Tehniki aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, smartfonyň uzynlygy 146,3 mm, ini 70,9 mm, galyňlygy 7,6 mm we agramy 168 gram. Dört reňki bolan “Galaxy S23”-iň yz tarapynda üç kamera bar.
Şeýle hem kompaniýa “Galaxy S23 “, we “Galaxy S23 Plus” smartfonlaryny tanyşdyrdy. Bu iki smartfony sargyt eden müşderilere “Galaxy Watch5”, “Galaxy S23 Ultra” sargyt edenlere “Galaxy Watch5 Pro” “akylly” sagatlary sowgat ediler.
Çärede “Galaxy Book 3” enjamlary hem tanyşdyryldy. Bu seriýada “Galaxy Book 3 Ultra”, “Galaxy Book 3 Pro” (14 we 16 dýuým), “Galaxy Book 3 Pro 360” modelleri bar. ýanyňda götermäge amatly bolan kiçiräk kompýuter hasaplanýan “Book 3 Ultra” ýeňil (1 kilogram 79 gram) we ýuka (16,5 mm) bolmagy bilen tapawutlanýar.
“Galaxy Book3 Pro”-nyň ulusynyň agramy 1 kilogram 56 gram, galyňlygy 12,5 millimetr. Olaryň ikisiniň hem tehniki aýratynlyklary meňzeş.
Ýokardakylardan tapawutlylykda “Galaxy Book 3 Pro 360” modeliniň 5G görnüşlisi bar. Planşet hökmünde hem ulanyp bolýan bu enjamda “S Pen” galamy hem göz öňünde tutulypdyr.