TEHNOLOGIÝA

Otlumy, uçar?

Ýokary tizlikli otlularyň önümçiligi boýunça Hytaý Halk Respublikasy Ýer ýüzüne gudrat görkezmegini dowam etdirýär.

Aslynda, mundan 20 ýyl ozal ýurduň demir ýollarynda tizligiň aňrybaş çägi sagatda 48 kilometrden geçmeýärdi. Indi bolsa Hytaýdaky otlular awotulagdan hem ýyndam. Häzirki wagtda ýurtda umumy uzynlygy 7050 kilometrden gowrak bolan dünýäde iň uzyn ýokary tizlikli demir ýol ulgamy bar. Şunça ýoluň 2 müň kilometrinde bolsa tizligini sagatda 350 kilometre çenli ýetirip bilýän otlularyň hereketi üçin mümkinçilikler döredildi.

Hytaý ýokary tizlikli otlularynyň üstüne ýene birini goşdy. Oňa uçar diýäýesiň gelip dur. Dogry, ol daşky görnüşi boýunça beýleki derhal otlulara çalymdaş, hatda gylyjy ýatladýar. Ýöne metbugat habarlarynda onuň tizliginiň sagatda 1500 kilometre çenli ýetip biljekdigi aýdylýar.

Täze «uçýan» heniz esasy ýollarda synag edilmedi, ýöne onuň ähli synaglardan üstünlikli geçjekdigine ynanylýar.

Günorta-günbatar ulag uniwersitetiniň professory Çengdu Zangan Weihuanyň aýtmagyna görä, täze otly 2021-nji ýylyň aprel aýynda işläp başlar.

Täze otly howasy bütinleý boşadylan wakuum ýollardan ýöreýär.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi