DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Çehiýa: diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl doldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Miloş Zemana hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Miloş Zemana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Çehiýa Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Related posts

Hytaýda “Bir guşak-bir ýol” sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Özbegistan: sebitara hyzmatdaşlyk ösdüriler

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment