DÜNÝÄ

Türkmenistan YHG-niň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

Şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 26-njy mejlisi geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Duşuşygyň çäklerinde söwda, ulag, maýa goýum, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanlylaşdyrmak, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Özbegistanyň guramanyň başlyklygy döwründäki işleriň jemlerine seredilýär.

Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 26-njy mejlisine guramanyň baş sekretary Husraw Noziri bilen bir hatarda beýleki guramalaryň hem ýolbaşçylary gatnaşdy.

Ministrleriň duşuşygyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşýar, şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew hem duşuşyga çagyryldy.

Ýene-de okaň

Halkara Zähmet guramasynyň baş direktory Aşgabatdaky foruma çagyryldy

Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri Tbilisi sebitleýin forumyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri