“Google” kompaniýasynyň Google translate offline, ýagny internet bolmazdan hem işleýän bölümi mundan beýläk Türkmen dilinde hem hyzmat berip başlaýar. Bu barada halkara metbugat gulluklarynda habar berilýär. Şol habarlarda bellenişine görä, Google Translate özüiniň offline hyzmatlaryna ýene 33 dil goşdy we bu dilleriň arasynda Türkmen dili hem bar. Mundan beýläk ulanyjylar, Google Translate applikasiýasyny offline ulanan wagty hem Türkmen dilinde hem hyzmat alyp biler. Bellemeli zat, Türkmen, Iňlis, Rus we Türk dillerinde hyzmat berýän www.makulsozluk.com saýtynyň Makul Sözlük Applikasiýasy eýýäm 2 ýyldan gowrak bäri Türkmen, Iňlis, Türk we Rus dillerinde offline sözlük hyzmatyny berip gelýär.
Google Translate Offline : Täze goşulan 33 diliň sanawy
- Basque
- Cebuano
- Chichewa
- Corsican
- Frisian
- Hausa
- Hawaiian
- Hmong
- Igbo
- Javanese
- Khmer
- Kinyarwanda
- Kurdish
- Lao
- Latin
- Luxembourgish
- Malagasy
- Maori
- Myanmar (Burmese)
- Oriya / Odia
- Samoan
- Scots Gaelic
- Sesotho
- Shona
- Sindhi
- Sundanese
- Tatar
- Turkmen
- Uyghur
- Xhosa
- Yiddish
- Yoruba
- Zulu