Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda bilelikdäki uniwersiteti döretmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparynyň çäklerinde ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda hem pikir alşyldy.
Rus wekiliýetiniň düzüminde orun alan Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý Türkmenistanda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetiniň gurluşygy barada döwletara ylylaşygynyň tekstiniň üstünde işlenilip başlanandygyny mälim etdi.
Rus wekiliýeti Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa bilen duşuşdylar. Şeýle hem iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Şol duşuşykda ylym-bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da onlaýn-bilim, uniwersitetleriň arasynda ylmy-barlag hyzmatdaşlygy tejribesini paýlaşmak ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyklar maslahatlaşyldy.
Bu duşuşyga Russiýanyň we Türkmenistanyň 20-den gowrak ýokary okuw mekdebiniň wekilleri gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen türkmen-rus uniwersitetini döretmek öňe sürüldi.
– Häzirki wagtda bu ugurda hökümetara ylalaşygyň üstünde işlenilýär. Taraplaryň bähbitleri göz öňünde tutulyp, degişli ylalaşygy taýýarlamak maksat edinilýär. Häzirki wagtda okaýan mekdep okuwçylayrnyň birnäçe ýyldan bu ýokary okuw mekdebine okuwa girip, okamak mümkinçiligine eýe bolar – diýip, Konstantin Mogilewskiý belledi.
Häzirki wagtda Türkmenistandan 30 müňden gowrak talyp Russiýada bilim alýar. Türkmenistandan has köp talybyň Russiýada bilim almagy üçin bilelikde tagalla edilýändigi bellenildi.