BILIM

Türkmenistanyň uniwersiteti Hytaýyň, Malaýziýanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri bilen şertnamalar baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýäniň ýokary okuw mekdepleri, ylmy we tehnologik merkezleri bilen ylym-bilim hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär.

12-nji iýunda ýurdumyzda bellenilip geçilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda ýokary okuw mekdebinde dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden ylym we bilim ugruna degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda halkara ylmy maslahat geçirildi.

Şol maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen beýleki abraýly bilim edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Milli energetika uniwersiteti, Hytaaýyň Demirgazyk-günbatar oba we tokaý hojalygy uniwersiteti, şeýle hem Ýaponiýanyň Kawasaki seneagt ösüş institutynyň Nanolukmançylyk innowasiýa merkeziniň arasynda degişli ylalaşyklara gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Wýetnamyň, Türkiýäniň we Awstriýanyň ýokary bilim edaralary bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Related posts

Mugalymlaryň awgust maslahaty 17-nji awgustda başlar

Türkmen ýaşlarynyň Türkiýede talyp haky bilen okamak mümkinçiliklerine seredildi

Hytaýda 1200 türkmen talyby bilim alýar