JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Başlygynyň ygtyýarlyklary

Düýn mälim bolşy ýaly, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.

“Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Başlygynyň ygtyýarlyklary şeýle beýan edilýär. 

10-njy madda. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Halk Maslahaty:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garaýar we makullaýar;

2) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we kanunlaryna garaýar we makullaýar;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňleýär;

4) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;

5) kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyny amala aşyrýar;

6) Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

11-nji madda. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy:

1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde başlyklyk edýär;

3) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi guraýar;

4) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde hereket etmegini amala aşyrýar;

5) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlaryna gol çekýär;

6) Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça onuň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar;

7) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyny düzýär, onuň işine gözegçiligi amala aşyrýar, işgärlerini wezipä belleýär we olary wezipeden boşadýar;

8) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary bilen garamagyna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

Şu kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar. Şeýle hem şu maddada bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese ýa-da öz islegi boýunça ygtyýarlyklaryny tabşyran halatynda, onuň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentine geçýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri