Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen, kanun çykaryjy edara bir palataly Türkmenistanyň Mejlisi diýlip bellenildi.
“Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna laýyklykda, 77-nji maddada Türkmenistanyň Mejlisi (parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr diýlip bellenilýär.
Şoňa görä-de, bu kanunyň 81-nji maddasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklary şeýle beýan edilýär:
1) Konstitusiýany we kanunlary kabul edýär, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrýar;
2) Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garaýar;
3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garaýar;
4) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar;
5) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär;
6) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;
7) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň içeri işler ministrini, Türkmenistanyň adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garaýar;
8) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçyny saýlaýar;
9) döwlet sylaglaryny döredýär, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;
10) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitleýär;
11) halkara şertnamalary tassyklaýar we ýatyrýar;
12) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselelerini çözýär;
13) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;
14) Konstitusiýa we kanunlar bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.
Şeýle hem bu kanunyň 78-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlete saýlanýarlar. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanyp bilner.