JEMGYÝET

Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy

Şu gün Arkadag şäherinde guruljak Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresi boldy. Onuň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilmegi halkymyzyň jebisliginiň, milli ýörelgeleriň dowamatlylygynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Şu ýylyň 15-nji ýanwarynda bu döwrebap şähere iş saparyny amala aşyrmagynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň gurluşygyna ýaşulular we hünärmenler bilen maslahatlaşyp, sähetli gün badalga bermegiň hem-de şu mynasybetli toý sadakasynyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdypdy. Şoňa görä-de, şu günki mukaddes çärä din wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, musulman döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bolsa oňa hormatly myhmanlar hökmünde çagyryldy.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynyň baş metjidiniň ýerleşjek ýeri kesgitlenilip, ony gurmak boýunça yglan edilen bäsleşikde «Altyn» hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy. Metjidiň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müň adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Bu ýerde guruljak sadaka jaýy bolsa 1 müň 500 adama niýetlenendir.

Arkadag şäherinde bina ediljek baş metjidi minaralaryň 4-si bezär, olarda dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Üç gatdan ybarat bolan metjidiň binasy okuw medresesini, muzeýi, kitaphanany, namaz okamak üçin zallary, dolandyryş we hojalyk otaglaryny öz içine alar. Onuň çäginde awtoulag duralgasy, dürli maksatly beýleki tehniki desgalar hem gurlar.

Milli ýörelgelere laýyklykda, metjidiň düýbi tutulandan soňra, myhmanlar Ahal welaýatynyň Gökdepe metjidinde berlen toý sadakasyna gatnaşdylar.

Metjidiň düýbüni tutmak çäresiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylaryň Arkadag şäherinde gurulýan desgalardyr onuň gözel künjekleri bilen tanyşmaklary bolsa Ahal ýaýlasynda kemala gelýän döwrebap şäheriň aýratynlyklaryny ýakyndan synlamaga mümkinçilik berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň çäginde konsert geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG – Syýahatçylyk guramasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy