JEMGYÝET

Türkmen-rus işewürlik forumy: sanlar we maglumatlar

Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde türkmen-rus işewürlik forumy öz işine başlady. Günüň ikinji ýarymynda onuň işine ýurdumyza sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow gatnaşdy.

Rus metbugatynda orun alan habarlara görä, forumda iki ýurduň arasynda energetika, logistika, ulag, aragatnaşyk, dokma, oba hojalyk we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine degişli teklip we başlangyçlar öňe sürüldi.

  • Russiýa bilen Türkmenistan ulag, gämi gurluşygy, derman senagaty, geologiýa, nebit we gaz pudagy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlanýar.
  • Russiýanyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 3,5 milliard dollar maýa goýum bilen 20-den gowrak taslama durmuşa geçirilýär.
  • Tatarstanyň we Sankt-Peterburgyň gämi gurluşyk kompaniýalary Türkmenistan üçin iki sany parom we bir sany gury ýük gämisiniň gurluşygy barada gepleşikler geçirýär.
  • Russiýa Türkmenistandan oba hojalyk we dokma önümleriniň satyn alynmagyny artdyrmaga gyzyklanma bildirýär.
  • Logistika boýunça esasy bilelikdäki taslama Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň gündogar ugruny ösdürmekden ybarat.
  • Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýär.
  • Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda 300-den gowrak halkara resminama gol çekildi.
  • Rus awtoulag öndürijileri 2023-nji ýyldaky sargyt bukjasynyň üstünde işläp, Türkmenistana awtoulag serişdelerini ibermek boýunça gepleşikler geçirýär.
  • Russiýa tarapy Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen işewür taraplara wiza düzgünini ýeňilleşdirmäge taýýar.
  • Russiýa Federasiýasynyň nebit kompaniýalary Türkmenistanda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýar.
  • Russiýa tarapy Türkmenistany Peterburg halkara ykdysady forumyna, “Russiýa-yslam dünýäsi” halkara ykdysaydy forumyna we beýleki halkara forumlara gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi