JEMGYÝET

Türkmenistan we Russiýa Hazaryň gündogar kenary boýunça ulag geçelgesini döreder

Aşgabatda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistan bilen Hazar deňziniň gündogar kenar ýakasy boýunça ýoluň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşýandygyny belledi. Bu barada Misuştin türkmen-rus işewürlik forumynda eden çykyşynda belledi.

Mihail Mişustin Hazar deňzindäki türkmen we rus portlarynyň ýük daşamak kuwwatyny artdyrmagyň zerurdygyny belläp, demirýol lokomotiwleriniň , ýük we ýolagçy wagonlarynyň Türkmenistana iberilmegini giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Mişustin eden çykyşynda iki ýurduň arasynda ara alnyp maslahatlaşylýan esasy bilelikdäki taslamalaryň biriniň Hazar deňziniň gündogar kenary boýunça awtomagistralyň gurluşygy bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem Mişustin Russiýa Federasiýasynyň hökümeti, Türkmenistan bilen söwdany ösdürmek üçin gümrük we fitosanitar gözegçiligi ýönekeýleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi.

Mundna başga-da, ol eden çykyşynda: “Türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde gümrük, weterinariýa we fitosanitar gözegçilik işlerini ýönekeýleşdirmek, işewür toparlaryň wekilleri üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek mümkinçiligine garamaga taýýar” diýip belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy