JEMGYÝET

Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana geldi. Iş sapary bilen Aşgabada gelen hormatly myhman Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar.

Şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus işewürler forumyna gatnaşar.

Mundan başga-da, ol Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşar we “Kamaz” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hyzmat merkezine baryp görer.

Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle hem şu gün ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hem gelýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri