Ýurdumyzda hyjuwly, işewür ýaşlara üns berilmegi bu ýylyň adynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýip, atlandyrylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.Bu bolsa ilkinji nobatda ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Çünki gelejegiň sagdyn pikirli bolmagy halypa-şägirtlik gatnaşyklaryndaky üstünliklerde ýaşlara bolan ynamyň güýçlenmegi bilen baglydyr.
Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Ýaşlary zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek bilen birlikde olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini gazanmakdaky ýokary hyjuwlaryna ýol açmak hem- de işewürliklerini ýokarlandyrmak meseleleri hem bu zatlarda uly basgançak bolup durýar.
Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak hem uly buýsanja badalga boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan we jemgyýetimizde giňden ara alnyp maslahatlaşylyp kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam edýär.Şeýlelikde ýaşlara biziň ýurdumyzda uly ynam bildirilýär.
Ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alynyp, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däplerini öwrenmeklerine hem- de olaryň watançylyk duýgularyny has- da güýçlendirmekde şonuň bilen birlikde ynsanperwerlik gatnaşyklarynda ýaşlaryň has- da maksada okgunly bolmaklaryny, olaryň başarnyklaryny ösdürmeklerini doly derejede öwrenmek bu uly nesliň gönüden- göni borjydyr.
Biziň ýurdumyzda ýaşlar barada uly aladalar edilýär.Olar üçin mümkinçilikler has-da ýokarlanýar. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda Gahryman Arkadagymyzyň öz milli ruhumyza goýýan sarpasyndan nyşandyr.
Maksat Baýramow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň mugallymy.
