JEMGYÝET

Türkmenistanda konstitusion topar döredildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň KARARY

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda

Milli döwlet gurmak we dolandyrmak meselelerinde toplanan baý taryhy tejribämize daýanmak bilen, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny has-da kämilleşdirmek, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, karar edýär:

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly.

2. Şu Kararyň birinji böleginde görkezilen konstitusion topar «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamalaryny taýýarlamaly hem-de olara garamak we kabul etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki maslahatyna bellenen tertipde hödürlemeli.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Related posts

Täze we döwrebap lukmançylyk dikuçary satyn alyndy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ve AGİT işbirliği ele alındı

vepa

Türkmenistana ÝHHG-niň synçylar topary geldi

Leave a Comment