SPORT

Dünýä futbolyň şasy bilen hoşlaşýar

Düýn habar berşimiz ýaly, ady rowaýata öwrülen, futbolyň ägirdi we şasy Pele 82 ýaşynda aradan çykdy. Ol soňky ýyllarda onkologik keseli bilen ejir çekýärdi.

Noýabr aýynda Pele San-Paulu şäherinde hassahana ýerleşdirildi. Esasy keseli – ýogyn içegedäki düwnük keselidir.

24-nji dekabrda Peläniň gyzy Keli Nasimento kakasynyň ýagdaýynyň gaty agyrdygyny belläp, hassahanadaky suratyny dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşypdy.

Pele dünýä çempionatyny 3 gezek ýeke-täk futbolçy hasaplanýar. Ol 1958-nji. 1962-nji we 1970-nji ýyllardaky dünýä çempionatynyň çempionydyr. Ol dünýä çempionatynda çykyş eden 14 duşuşygynda 12 gezek tapawutlandy.

Pele Braziliýanyň ýygyndysynyň düzüminde 92 duşuşykda 77 gezek tapawutlanypdy. Onuň bu rekordy 50 ýyldan gowrak wagtdan soňra Neýmar tarapyndan gaýtalandy. Pele Braziliýanyň ýygyndysynyň düzüminde 1957-1971-nji ýyllarda çykyş etdi.

Pele topar derejesinde bolsa, Braziliýanyň “Santos” toparynda oýnap, iki gezek Libertadores kubogyny we yklymara kubogy gazandy. Şeýle hem ol Amerikanyň “Nýu-Ýork Kosmos” toparynda hem futbol oýnady.

Pele FIFA-nyň futbol komissiýasy, “World Soccer” we “France Football” tarapyndan XX asyryň iň gowy futbolçysy, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan bolsa, XX asyryň iň gowy türgeni diýlip ykrar edildi.

PELE BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

  • 1956-njy ýylda Braziliýanyň ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Waldemar De Brito 15 ýaşyndaky Peläni “Santos” toparyna tanyşdyryp, “ol taryhyň iň güýçli futbolçysy” bolar diýip belläpdi.
  • 1957-nji ýylyň 7-nji iýulynda “Marakana” stadionynda Braziliýa bilen Argentinanyň ýygyndysy duşuşdy. Şol duşuşygyň ikinji ýarymynda oýnan giren Pele tapawutlandy. Şeýlelikde, Pele 16 ýaşynda gol geçirip, Braziliýanyň ýygyndysynyň taryhynda tapawutlanan iň ýaş futbolçy bolmagynda galýar.
  • Pele Braziliýanyň ýygyndysy bilen 1958-nji ýylda Şwesiýada geçirilen dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşypdy.
  • Pele 17 ýaş 239 gün diýlende dünýä çempionatynda tapawutlanyp, dünýä çempionatynda gol geçirmägi başaran iň ýaş futbolçydyr.
  • 1961-nji ýylda Braziliýanyň hökümeti Peläni milli baýlygy hökmünde resmi taýdan ykrar etdi we ony daşary ýurt toparlaryna satmak gadagan edildi.
  • 1969-njy ýylda Pele 1000-nji goluny “Marakano” stadionynda “Wasko Da Gama” toparynyň derwezesinden geçirdi.

  • 1977-nji ýylda Pele futbol karýerasyny tamamlady. Onuň hoşlaşyk duşuşygynda “Santos” bilen “Nýu-Ýork Kosmos” duşuşdy. Pele duşuşygyň birinji ýarymynda amerikan toparynyň düzüminde, ikinji ýarymynda bolsa, brazil toparynyň düzüminde çykyş etdi.
  • 1995-nji ýylda Pele Braziliýada sport ministri boldy.
  • Pele “Santos” toparynyň düzüminde çykyş edip, 643 gol geçirdi. Onuň bu rekordyny köp ýyllardan soňra Lionel Messi gaýtalady. Messi hem “Barselonanyň” düzüminde 644 gol geçiripdi.
  • Pele 1981-nji ýylda Silwester Stallone bilen Golliwudda filmde surata düşdi.
  • Pele barada köp sanly filmler surata düşürildi.

DÜNÝÄ ÝYLDYZLARY GYNANÇ BILDIRDI

Lionel Messiden Kristioano Ronaldo, Neýmardan Mbappe çenli köp snaly futbol ýyldyzlary futbolyň şasynyň aradan çykandygy sebäpli gynanç bildirdiler.

Neýmar Peläni taryplap, onuň futboly sunagat öwrendigini belledi. Dünýä ýyldyzlarynyň Pele aradan çykandygyna garamazdan, onuň futboldaky jadysynyň hemişe ýatlarda galjakdygyny belleýärler.

PELE BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT…

Futbolyň şasy 1940-njy ýylda Braziliýanyň günorta-gündogaryndaky Tres-Korasoýns şäherinde dünýä indi. Onuň hakyky ady Edson Arantis du Nasimento.

Ýene-de okaň

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri