Şu günler metbugat sahypalarynda dünýä belli portugal futbolçy Kristiano Ronaldonyň Saud Arabystanynyň “Al Nasr” topary bilen şertnama baglaşyp-baglaşmajakdygy baradaky habarlary görmek bolýar.
Köp sanly metbugat neşirleri, Ronaldonyň saud toparyna barha golaýlandygyny belläp, eýýäm topar Ronaldonyň lukmançylyk barlagyndan geçmegi üçin şertleri döredendigi belleýärler.
Şeýle hem portugal futbolçy we onuň wekilleri üçin ýaşaýyş jaýy kärendesine alyndy.
Saud topary gyşky transfer döwründe bu şertnama bilen baglanyşykly resmi işleri tamamlamagy meýlleşdirýär.
Hüjümçi bilen şertnama 2025-nji ýyla çenli bolup, Ronaldonyň girdejisi ýyllyk 200 million ýewro deň bolar.
37 ýaşyndaky Ronaldo “Mançester Ýunaýted” topary bilen şertnamasyny ýatyrandan soňra erkin futbolçy derejesindedir.
Şeýle hem Ronaldonyň halaýan gyzy Jorjinýa oňa “Rolls-Royce” kysymly kaşaň awtoulag sowgat etdi. Jorjinýa bu sowgadyny Ronaldonyň Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlady.
Bu ulagyň bahasynyň 429 müň dollara deňdigi bellenilýär.
