- Aşyrmät aga, Sizi redaksiýamyzda hoş gördük. Biziň söhbetdeşlik etmek baradaky teklibimizi kabul edip, wagt aýryp gelendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Geliň, söhbetdeşligimizi Sizde edebiýata bolan söýginiň döreýiş taryhy baradaky gürrüňiňizden başlaýalyň…
- Edebiýata bolan söýgim, edebiýata bolan garaýşym, edebiýata bolan imrinmäm ýaşlyk ýyllarymda, sözüň manysyna düşünip başlan döwürlerimden başlandy. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplary meniň çagalygymyň geçen ýerleri. Ol ýerde toý çakylygy, mysal üçin: – «Toýuň tutulýan güni şenbe günüdir» diýip çagyrylan bolsa, toý gününiň ýekşenbedigi. Toýuň tutulýan güni, ýagny toý gününden bir öň toýa uzak ýerlerden gelen myhmanlaryň myhman alynmak dessury bar. Şonda olary toý eýesiniňdogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary, dost-ýarlary myhman alýarlar. Myhman ýetmese, öýkelenýän pursatlaram bolýar. Toý myhmanlaryna hyzmat edileninde, olaryň ýanynda hyzmata gaýym bir oglan goýulýar. Men hem ýaşlygymda şol «hyzmata gaýym» bolup, toý myhmanlarynyň gyzykly gürrüňlerini diňleýärdim. Olaryň gürrüňleri özboluşly edebiýatdy. Olar meni özüne çekýärdi. Sebäbi olaryň gürrüňleriniň köpüsi heniz ýazylmadyk eserlerdi. Olaryň gürrüňiniň edebiýata syrygýan wagtlaram kän bolýardy. Mekdep bosagasyndan ätlemänkäm agamdan “Göroglynyň döreýşini” diňlänimde ol maňa gaty uly täsir edipdi. Soň mekdebe gatnap başladym. Mekdepde mugallymlarym meniň edebiýata bolan garaýşymy çuňlaşdyrdylar. Şol döwürlerden bärem meniň bar güýmänjäm, oýnagym kitap we edebiýat boldy. Heniz okamadyk, diňlemedik gyzykly ertekilerime, rowaýatlara gabat gelsem edil häzirem çagalygymdaky ýaly men.
- Ilkinji goşgularyňyzy haçan ýazyp başladyňyz?
- Ilkinji goşgularym mekdebiň 7-8-nji synplarynda okaýan döwürlerim döräp başlady. Ol döwürlerde ýazýan goşgularym, elbetde, kämil goşgular däldi. Bir gezek edebiýatdan sapak berýän mugallymym menden goşgularymy okap görüp, olary etrap gazetine ugradyp görmegimi maslahat berdi. Men hem mugallymymyň maslahaty bilen goşgularymy gazetlere berip başladym. Ilkibaşlarda gazetlere iberen goşgularymyň yzyndan “Siziň goşgularyňyzyň çeperçilik taýdan gowşaklygy sebäpli, ony gazetimizde peýdalanyp bilmedik” diýen ýaly hatlar gelýärdi. Emma men şol hatlar gelende gynanamokdym. Tersine, her gezek şonuň ýaly hatlar maňa täze öňkä görä, has gowy goşgy ýazmaga itergi bolýardy. Soň häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy bölümine okuwa girdim. Bu ýerde men, mekdep durmuşyndan tapawutlylykda, özümden başga-da Türkmenistanyň dürli künjeginden gelen edebiýat bilen gyzyklanýan deň-duşlarymyň arasyna düşdüm. Olaryň hemmesi edebiýata söýgüsi bilen gelen adamlar. Olaryň arasynda ýazmak, döretmek islegine berlenlerem kändi. Uniwersitetde okaýan döwrümiz edebiýat gurnaklaryna gatnaşyp, goşgy okap ugradyk. Şonda täze-täze deň-duşlarym bilen tanyşdym. Rejep Pirjanow, Çary Ýegenmyradow, Ilmät Gurbanow, Oguljennet Bäşimowa, Şähribossan Geldimämmedowa ýaly ylhamdan ýüki ýetik oglan-gyzlar bilen hatardaş okadyk. Men hem şolar bilen birlikde edebiýat bilen ysnyşyp gitdim.
- Siziň gazet-žurnala gelşiňiz nähili bolupdy?
- Ilki men ýokary okuw mekdebini tamamlanymdan soň oba işe ugradyldym. Ol ýerde birnäçe wagt işledim. Soň ýene Aşgabada geldim. Bu ýerde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümindäki ugurlarda zähmet çekdim. Soňra 1996-njy ýylda radiodöredijilik ulgamynda işe başladym. Radioda dürli söhbetdeşlikli gepleşikler alyp barýardym. Döredijilik dünýäsiniň wekilleri bilen söhbetdeşligim has täsirli çykýandyr-da, 1998-nji ýylda türkmen radiosynda işleýän halypam Amangeldi Seýitberdiýew «Seniň zehiniň neşir isleýär. Olar metbugatda çap edilmeli» diýip maslahat berdi. Halypamyň maslahaty bilen “Nesil” gazetinde işe başladym. Bu ýere işe geçenimden soň döredijilikde ýüzüm açylyp başlady. Ozal birnäçe goşgularym bilen metbugatda her wagt-her wagt çykýan bolsam, gazet sahypalarynda dürli görnüşdäki giň gerimli makalalar bilen adygyp ugradym. Meniň döredijilik ýolumy giňden açan “Nesil” gazeti boldy. Şol ýerdekäm özümiň makala ýazmak ukybymy açyp, döredijiligime ynamym artyp başlady. Uzak wagt geçmänkä, eýýäm, meniň adym halk arasynda tanalyp başlady. Bu hem mende aýratyn ýakym döretdi, höwesimi artdyrdy. Şeýdip meniň döredijilik örim giňäberdi. Zähmet ýolum dürli ugurlara çekenem bolsa, nirä gitsemem, soň döredijilik menden geçmedi, menem döredijilikden geçmedim. Häzirem 60 ýaşyň alkymynda. Ozallar Aşyrmät Garly diýip adymyz idelýän bolsa, indi özüň ýaly ýaş ýigitler, gyzlar gapymyzy kakyp, “halypa” diýip ýüzlenýärler. Ine, onsoň Magtymguly halypanyň wagta çen ýaş bilerdim özümni, gör-bak indi uly bolup galyp men” diýen setirlerine düýpli düşünmäge mejbur bolýaň.
- Döredijilik adamsynyň üns merkezinde nämeler bolýar?
- Döredijilik adamsy hemişe gözlegde bolýar. Ol hemişe okaýar. Okan, töwereginde bolup geçýän dürli wakalardan jemlenýän maglumatlardan döreýän dürli pikirler, duýgular onuň aňynda, üns merkezinde bolýar. Dünýäde bir kämil paýhas bar: “Eger bir zady öwrenjek bolsaň, okuwçy tutun” diýen. Adam okuwçy tutunanda, ol okuwçyny okatmak üçin hemişe okamaly bolýar. Şonuň üçin hem ýaşlaryň berýän sowallary, gyzyklanmalary isleseň-islemeseň yzygider kämilleşmelidigiňi ýatladyp dur. Elbetde, ýaşlygyň öz häsiýetnamasy bar. Halypalyk derejesine ýeteniňde aňsat bolýandyr öýderdim, emma tersine, jogapkärçiligiň has-da artýan eken. Halypalygyňam öz derejesi, öz mynasybeti we talaby bolýan eken. Halypa diýip huzuryňa gelnende seniň jogabyň kanagatlandyrmaýan bolsa, göwünleri suw içmeýän bolsa, onda halypa boldugyňam bolmaýar.
- Şygryýet dünýäsinde siziň ähmiýet berýän zadyňyz näme?
- Şygryýetde meniň esasy üns berýän zadym pikir. Türkmen edebiýatynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary pikire örän baý goşgulardyr. Şonuň üçinem onuň goşgulary häli-häzirem öz ähmiýetini ýitirenok. Ol goşgularyň gadyr-gymmaty artmasa, peselenok. Diňe sagdyn pikirlere baý goşgulary bilen Magtymguly bütin dünýäde akyldar şahyr hökmünde ykrar edilen şahyrdyr. Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylda türki Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Türki dünýäsinde Magtymguly öz pikirlerini goşgularynda ussat beýan eden şahyr. Ol öz goşgularyndaky pikirler sebäpli halkyň kalbynda ýaşap ýör. Durmuşda adamlaryň garaýyşlaryň çaprazlygy ýüze çykaýsa, ilki bilen, Magtymgulynyň goşgularyna daýanylýar. Ol edebiýata beýleki Gündogar şahyrlaryndan tapawutlylykda özboluşly täze bir nusga getirdi. Soň onuň yzyna eýeren şahyrlar kän boldy. Şonuň üçin Magtymguly hemmelere nusgalyk mekdep gurdy. Ondan öwrenere zat şeýlebir kän, onuň soňuna çykmak mümkin däl.
- Goşguda esasy zat duýgumy ýa-da pikir?
- Goşguda iki çemeleşme bolup biler: ýa-ha pikirden duýgy ýasamaly, ýa-da duýgudan pikir ýasamaly. Pikiri duýgy bilen owadanlamak, bezemek hem wajyp. Türkmen edebiýatyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň edebiýatyndan tapawutlandyrýan zat onuň pikire daýanýanlygydyr. Pikiriň üsti bilen adamlaryň ýüregine ornan şahyryň ornuny ýyllar beýgeldýär. Men öz goşgularymyň birinde: “Pikirsiz goşgy bir owadan gyzdyr, Ýöne oň ýerinde däldir akyly” diýip belleýän. Gyzyň daş keşbi, elbetde, gowy zat, emma ol akylly bolmajak bolsa, onuň görkünden peýda ýokmuka diýip pikir edýän.
- Köp pikirli goşgy biziň döwrümize agyr gelýärmi ýa-da onuň döremesi kynmy?
- Edebiýatyň gaty ýowuz talaplary we berk düzgünli ýörelgesi bar. Edebiýatda seniň ýaragyň söz. Döwrüniň ahuny, danasy hasaplanylan Döwletmämmet Azadynyň Magtymgula taýýar edip beren beren ýörite mekdebi bar. Ol mekdep, birinjiden, Gurhan, Gurhanyň süňňündäki zatlar. Ikinjiden, Gurhanyň süňňündäki bar bolan rowaýatlar. Şonuň üçin hem Magtymgulynyň okan kitaplaryny okamasaň, oňa doly düşünmek mümkin däl. Indi köp pikirlilige dolansak, Magtymguly gaty köp okan, şonuň üçin hem onuň goşgulary sagdyn pikirlere baý. Ol goşgularynda haýyr hakda söz açsa, şer hakyndaky, garyplyk hada söz açsa, baýlyk hakyndaky, mertlik hakynda söz açsa, namartlyk hakyndaky pikiri hem ýanyndan goýanok. Pikirlere baýlygy onuň goşgularynyň esasy aýratynlygy. Pikirlere baý bolan goşgularyň aýdym edip aýdylmagy bolsa, halkymyzyň özboluşly terbiýe mekdebidir. Bir nesiliň bilýän zatlaryny indiki bir nesle geçirmegiň esasy serişdesi şol goşgular, şol aýdymlar. Häzirki ýaşlarymyzyň Magtymgula meňzäsi gelse, şonuň ýaly köp okamaly, köp zat bilmeli. Aňryňda goruň bolmasa, sen nädip döretjek ahyry?! Halypalyk derejesine ýetenem bolsak, käte pikirlerimizi goşgularymyzda beýan edip bilmeýän wagtlarymyzam bolýar. Magtymgulydan öňkülerem, soňkularam köp okapdyr. Umuman, edebiýat meýdanynda galjak bolsaň, gaty köp okamaly. Okamagyňy hiç wagt bes etmeli däl. Sowat-düşünjesi ýetik şahyr bilen sowatsyz şahyrlaryň goşgularyny okanyň-da bilip bolýar-a.
- Döredijilik meýdanyna gelip, adygyp ugranam bolsa, ymykly goşulyp bilmeýän ýaşlar bolýar. Muňa Siziň garaýşyňyz nähili?
- Türkmen aslynda şahyrna halk. Ýaşlygynda goşgy ýazmaga synanyşmadyk, megerem, ýok bolsa gerek. Emma olaryň içinde edebiýatyň talabyna döz gelip, bu meýdanda öz ornuny eýeläp galyp bilýänleri ýaşaýanlary az-az. Sebäbi halk her bir adamy şahyr diýip ykrar edenok. Ynha, her 10 ýylyň metbugatyna seredip, goşgusy çap bolup çykanlaryň sanawyny ýöredip göräý.Onsoň şolaryň arasyndan şu wagta çenli galanlaryny sanaý. Ine, bu olaryň öz gazanan derejesi. Diýmek, dereje gazanmak üçin ýaltanmaly däl. Döredibermeli. Galan zady wagtyň ygtyýaryna goýmaly. Sanalgyja goşgy bilen adykdyňam-da. Yzy gelmese halk unudar goýberer. Biziňem ornumyzy wagt kesgitleýär. Gurbannazar Ezizowyň: “Meň bahamy kesgitlejek zaman bar” diýen sözi bar. Türkmen topragyna gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop çykyşyny Gurbannazar Ezizowyň goşgy setirleri bilen başlady. Ana, şol şahyra berlen mynasyp baha. Şahyra şondan uly baha gerek däl. Dile düşmek, köňülden köňle geçmek, ýüreklere ýol ýasamak şahyryň esasy maksady bolmaly. Onam diňe öz döredijiligiň bilen gazanmaly. Edebiýata her gelen adam tutanýerliligini sypdyrsa, onda onuň ýeri edebiýat däl.
- Ýaňy siz halypalar hakda söz açdyňyz welin, özüňize kimleri halypa hasapladyňyz?
- Döredýän adam üçin dünýädäki ähli zatlar halypa. Meniň üçin hemme okan zatlarymyň halypalyk orny bar. Ýöne aýratyn sarpa goýýan şahsyýetleriň bolýar. Meniň-ä türkmen edebiýatynda aýratyn gowy görýän zatlarym eposlar we dessanlar. Aýratyn gowy görýän zadymam nakyl. Ondan soňra nakyllara ýakyn ruhly eserler. Sebäbi nakyl iň az sözlerde ornaşmagy başaran kämil paýhaslardyr, sagdyn pikirlerdir. Käbir nakyllarda tutuş bir roman ýazmagy talap edýän mazmun bar. Ynanaý şuňa. Şygryýetimizde bu nusga, ýagny bir goşguda ençeme pikir beýan etmek Magtymgulydan başlanýar. Kerim Gurbannepeowa, Gurbannazar Ezizowa, Berdinazar Hudaýnazarowa, Mämmet Seýidowa, Ata Atajanowa, Rehmet Seýidowa, Atajan Annaberdiýew bien Mämmetnazar Babanazarowa aýratyn sarpam bar.
- Tankyda garaýşyňyz nähili?
- Tankyda gowy garaýan. Eger tankydyň aňyrsynda adama bolan hususy garaýyş ýok bolsa, hakykatdanam, edebiýatyň, eseriň derejesini, mynasybetini göz öňünde tutýan bolsa, tankyda ta:ý geljek zat ýok. Men eserim hakynda tankydy garaýyş bar bolsa, men ony ýokuş göremok. Ýöne bir zady bellemeli, eger seniň eseriň tankyt meýdanyna çykan bolsa, seniň eseriň ünsi çekýär. Konfusiniň: “Haçan-da adama öz döwürdeşleri düşünýän bolsa, ony akyldar hasaplap bolmaz” diýen bir pikir bar. Hakyky akyldar ölenden soň ýyllar geçeninden soňam, onuň döredijiligine haýran galyjylyk bilen seredilýän bolsa, onda oňa akyldar diýip bolar. Magtymgulynyň mundan 300 ýyl öň dereden goşgularynda biziň häzirki edýän zatlarymyzyň beýany bar bolsa, ony tassyklaýan bolsa, şol kämillikdir. Tankyda basgançak hökmünde garap bileris. Sebäbi düz diwara diňe basgançagyň üsti bilen galyp bolýar. Döredijilikde tankyt bilen kämilleşilýär.
- Arman edýäňizmi?
- Men takdyrdan şeýlebir razy, çünki ol meni şeýle ajaýyp döwürde ýaşadýar. Taryhyň sahypasyndaky ösüşlere, özgerişlere şaýat boldum. Emma urşa şaýat bolmadym. Dokluga, bol-elinlige şaýat boldum, emma açlyk görmedim. Muňa müňlerçe kerem razy. Meniň gören zatlarym, meniň nesibämdäki zatlar şükür etmegi öwretdi. Hudaýa müňlerçe şükür, ykbalymyzdanam diňe gowy adamlar çykdy. Beýle diýilse, hemme zat gülala-güllük diýildigi däl. Elbetde, durmuşymda dürli kynçylyklara duçar bolup gördüm, emma olary arman hasaplap bolmaz. Bir rubagymda belleýän: “Kynçylyklar kämillige, gussa –ýeňmäge berlendir. Kim gaýgy-gamy dost tutsa, Hudaýyň duşmany bolar” diýip. Durmuşyň kynçylyklardan gorkan adamy bagyşlamaýar, sebäbi kämillikli şol kynçylyklaryň aňyrsynda. Kynçylyklara döz gelenler kämilleşýärler. Şol kynçylyklar adamyň adam bolmak, şahsyýet bolmak ugrunda geçmeli menzili. Men arman ederdim eger “Göroglyny” okamadyk bolsam.
- Häzir nähili eseriň üstünde işleýärsiňiz?
- Bilşimiz ýaly, Görogly her bir türkmen üçin mekdep. Men hem şol mekdebi halka düşündirmek üçin işleri alyp barýan. “Görogludan bildiňizmi?” atly makalalar toplumymy kitaba taýýarlap ýörün. “Göroglyny” şygyr dilinde roman etmek arzuwymy durmuşa geçirýän şu günler. Nesip bolsa, bu roman türkmen edebiýatynda goşgy bilen ýazylan az sanly romanlaryň biri bolar. Bu söhbetdeşlik bilen tanyş bolanlar Mundan öň şygyr dilinde Aman Kekilowyň “Söýgi” romanyny hem-de Çary Aşyrowyň “Ganly sakasyny” bilýändirler. Bu romanymyň halk tarapyndan kabul edilip, ilhalar eserleriň biri bolmagyny isleýän. Şeýle bolmagy üçin ähli başarnygymy siňdirýärin.
- Aşyrmät aga, gyzykly söhbetdeşlik üçin köp sag boluň. Size döredijilik dünýäsinde mundan-da has belent üstünlikleri arzuw edýäris!
Söhbetdeş bolan Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.