MEDENIÝET

Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly,

  • Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleri we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.
  • Şeýle-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • Şu ýylyň 2 — 7-nji iýuny aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalynyň, 6-njy iýunda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli çäreleriň, 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi mynasybetli medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
  • Şeýle hem 27-nji iýunda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, beýik şahyryň “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärligine gül goýmak dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
  • 29-njy iýunda bolsa Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri